خوراک و غذا های ترکمنی17 غذای های گوشتی- خمیری " سومسا "( Somsa)

Somsa
20 sany
Hamyr üçin
500 gr un
1 çaý çemçesi duz
50 gr mesge
300 ml suw (çen bilen)
Içi üçin
500 gr üwelen sygyr / goýun eti
1 sogan
duz we gara burç (çen bilen)
Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz we burç garmaly.
Saçda mesgäni eretmeli. Tabaga suw, duz, un we eredilen mesgäni guýup, ýumşak hamyr etmeli. Taýýar bolan hamyry zuwalalara bölüp, 3 mm galyňlykda ýaýmaly-da, 12 cm tegeleklikde kesmeli. Hamyr kesilende galan bölekleri düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly.
Tegelekleriň ortasyna et goýup ýaýratmaly we 3 tarapyny bükmeli.
Somsalaryň ýüzüne ojaga salmazdan öňürti suw çalmaly we olary 250 derejeli gyzgynlykda ýüzi gyzarýança bişirmeli.
منبع:www.Turkmenkitchen.com
+ نوشته شده در دوشنبه ۱۳۹۱/۰۵/۳۰ ساعت 10:19 توسط محمد قجقی
|